Wengriýanyň Prezidenti 2024-nji ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär

  • 25.04.2023 11:04
  • 18k+

Wengriýanyň Prezidenti Katalina Nowak 2024-nji ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmek islegini beýan etdi. Bu barada döwlet Baştutany Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçisi Hemra Amannazarowdan ynanç hatyny kabul edende aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, Nowak prezident edarasynyň jogapkär adamlaryna we Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrligine geljekki saparyň taýýarlyk meselelerine seretmekligi tabşyrdy – diýip, Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçihanasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty Wenger Halk Respublikasynyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Hemra Amannazarow Katalina Nowaga Türkmenistanyň soňky gazananlary we üstünlikleri barada, ýurduň ýokary derejedäki gatnaşyklary öňe sürmek üçin mümkinçiligi barada habar berdi.
Türkmenistanyň Wengriýa bilen diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň maýynda ýola goýlupdy. Wengriýa Respublikasy 1991-nji ýyldan bäri Ýewropanyň Geňeşiniň agzasydyr, 2004-nji ýyldan bäri bolsa — Ýewropa Bileleşiginiň doly hukukly agzasydyr.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......