Mask Microsoft-y Twitteriň maglumatlaryny bikanun ulanmakda aýyplady

  • 21.04.2023 18:25
  • 14k+

Twitter-iň eýesi Ilon Mask Microsoft-y öz emeli aň (AI) modelini öwretmek üçin sosial ulgamdaky maglumatlary bikanun ulanmakda günäkärledi. Ol bu barada çarşenbe güni özüniň Twitter sahypasynda ýazdy.

"Olar [Microsoft] Twitteriň maglumatlaryny bikanun ulanmak arkaly [emeli aň] taýýarladylar. Kazyýetleşmeli boldy" - diýip, işewür belledi.

22-nji martda Mask ýaly emeli aňpudagyndaky müňden gowrak hünärmen açyk hat çap etdiler, onda azyndan alty aýlap GPT-4-den has güýçli okuw ulgamlaryna moratoriýa girizmäge çagyryldy, sebäbi bu ugurdaky gözegçiliksizlik adamzada howp salyp biler diýip düşündirilýär. Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts beýle moratoriýanyň girizilmegine garşy çykdy.
Amerikanyň OpenAI kompaniýasyndan ChatGPT çat-boty 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda satuwa çykaryldy. Hyzmat ulanyjy bilen gepleşik tertibinde aragatnaşyk saklaýar. GPT-3.5 dil modeline esaslanýan emeli aň goşmaça soraglara jogap berip biler, ýalňyşlyklaryny boýun alyp biler, nädogry ýerine garşy çykyp we ýerliksiz haýyşlary ret edip biler.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

01.04.2026 15:29
909

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

17.03.2026 20:39
829

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...