Aşgabat Ysraýylda ilçihanasyny açmak meselesine garaýar — Türkmenistanyň Prezidenti

  • 21.04.2023 12:11
  • 22k+

20-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi.

Taraplar abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň çäklerinde utgaşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Ysraýyl Döwletiniň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.
Söwda-ykdysady ulgam türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle hem döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň özara saparlaryny işjeňleşdirmegiň, ýurtlarymyzda öndürilýän önümleriň we tehnologik işläp taýýarlamalaryň sergilerini guramagyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenildi.
Öz gezeginde, Türkmenistan Ysraýylyň oba hojalyk, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak we saglygy goraýyş ulgamlarynda gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-ysraýyl gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly orun eýeleýär.
Şu ýylyň 8-nji oktýabrynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şol geçen döwürde Türkmenistan hem-de Ysraýyl birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesini topladylar. Hökümet wekiliýetleriniň derejesindäki özara saparlar we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça geňeşmeler, şeýle hem Aşgabatda Ysraýyl Döwletiniň ilçihanasynyň täze binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we diplomatik gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......