Aprelde Türkmenistanda iň yssy howa rekordyndan soň, sowuk howa rekordlary hem hasaba alyndy

  • 19.04.2023 16:12
  • 40k+

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde yssy howanyň derejesi +42°-dan geçip, iň ýokary temperaturanyň soňky rekordynyň yzýany, sanlyja günüň içinde täzeden rekord goýuldy, ýöne bu gezek iň pes temperatura boýunça hasaba alyndy.

17-nji aprelde Ýerbentde howa gözegçilikleri döwründe günüň iň pes temperaturasy boýunça rekord goýuldy. Iň pes temperatura +2,4° boldy, 1959-njy ýyldan - howa stansiýasy açylandan bäri beýle sowuk bolmandy.
Soňky ýyllarda aprel aýynda sowuk howanyň güýçli, ýöne gysga wagtlyk gaýdyp gelmegi eýýäm iki gezek bellige alyndy. Şeýlelik bilen, 2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda temperatura -0.8°-a çenli aşaklapdy we aýyň iň pes temperaturasynyň 1956-njy ýylda bellige alnan iň soňky rekordyny gaýtalapdy. 2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde bolsa temperatura +1,5°-a çenli peselipdi.
Türkmenistanyň demirgazygynda çigrek howa hasaba alyndy. Könürgençde -0.4°-a çenli, Şasenemde 0°-a çenli sowuk boldy.
Şeýle güýçli temperaturanyň üýtgemeginiň sebäbi meridianlar boýunça howa aýlanyşygyň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär, ýagny howa massalary günortadan demirgazyga we tersine, demirgazykdan günorta geçýär. Soňky birnäçe günüň dowamynda sebitde hut şeýle ýagdaýa syn edildi.


şu gün 18:02
297

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

şu gün 17:48
648

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

şu gün 12:39
2.9k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

şu gün 12:12
1.5k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......