BSGG Günorta-Gündogar Aziýada kowid bilen keselleme hadysasynyň tas alty esse ýokarlanandygyny habar berýär

  • 15.04.2023 14:10
  • 19k+

Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda soňky dört hepdede kowid bilen keselleme hadysasy geçen degişli döwür aralygy bilen deňeşdirilende 481% ýokary boldy. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy özüniň hepdelik hasabatynda habar berdi diýip, TASS belleýär.

"28 günlük aralykda hasaba alnan täze hadysalaryň sany alty sebitde peseldi: Afrika (minus 45%), Ýuwaş umman sebitiniň günbatary (minus 39%), Demirgazyk we Latyn Amerikasy (minus 33%) hem-de Ýewropa (minus 22%). Şol bir wagtyň özünde kesel hadysasy iki sebitde ýokarlandy: Günorta-Gündogar Aziýa (+481%) we Gündogar Ortaýer deňzi (+144%)" - diýlip, hasabatda bellenilýär.

Umuman, dünýäde 3 mln täze kowid hadysasy, şeýle-de kesel netijesinde 23 müňden gowrak ölüm hadysasy hasaba alyndy. Bu 13-nji fewraldan 12-nji mart aralygyndaky 28 günlük döwür bilen deňeşdirilende 28% we 30% pesdir.


26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......