Türkmenistan TOGG türk elektromobiliniň ak reňkini sargyt etdi

  • 10.04.2023 14:22
  • 53k+

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu türk önümçiligindäki Togg elektromobiline tutuş dünýäde, aýratyn hem türki döwletlerde uly gyzyklanma bardygyny habar berdi. Bu barada diplomat ýekşenbe güni Antalýada Togg sergi meýdançasynda aýtdy.

«Togg indi Türkiýäniň ähli künjeginde uly gyzyklanma bilen garşy alynýar, hatda daşary ýurtdaky raýatlarymyz hem «Togg haçan bu ýere geler?» diýip soraýarlar. Beýleki bir tarapdan, tutuş dünýäde, aýratyn hem, doganlyk türki döwletlerde gyzyklanma uly» - diýip, TRT ministriň sözlerini getirýär.

4-nji aprelde Türkiýäniň ilkinji Togg elektromobili Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe berildi. «Ol Türkmenistan bilen Özbegistana hem iberiler» diýip, Mewlýut Çawuşoglu aýtdy.

«Türkmenistan ak reňkine sargyt berdi», — diýip, ministr takyklady. Ol ak reňkdäki ulaglaryň şu aýda öndüriljekdigini aýtdy.

TOGG ýazgysy Türkiye'nin Otomobili Girişim Grubu diýlip düşündirilýär, ýagny «türk awtomobili».


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......