Alymlar suwuň iň çuň ýerinde ýaşaýan balygy surata düşürdiler

  • 07.04.2023 23:12
  • 59k+

Awstraliýanyň we Ýaponiýanyň alymlar topary 8336 m çuňlukda deňiz slizenleri maşgalasyndan bolan bir balygy surata aldylar. Bu barada duşenbe güni gözleg işine gatnaşan Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Şeýlelik bilen, Mariana çuňňulynda 8178 m çuňlukda deňiz slizeni surata düşürilende 2017-nji ýylyň rekordy täzelendi.

2022-nji ýylyň güýzünde Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň we Tokionyň Okeanografiýa uniwersitetiniň alymlary gözleg gämisinde iki aýlyk ekspedisiýa geçirdiler. Topar çuňlukda ýüzýän deňiz suwasty gämilerini ulanyp, Ýuwaş ummanyň ýapon kenarýakasyndaky iki ýerde - Rýukýuda we Idzu-Ogasawarada balyklaryň köpelişini öwrendi.

Topar Ýaponiýanyň günortasyndaky Idzu-Ogasawara çuňňulynda Pseudoliparis balyklaryny rekord çuňlukda wideo ýazga geçirmegi başardy. Ýaş deňiz slizenleri, çuň ýerde ýaşaýan beýleki deňiz balyklaryndan tapawutlylykda, ululara garanyňda has çuňluklarda ýaşaýar. Şol bir wagtyň özünde Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň professory Alan Jeýmison Mariana çuňlugynyň 8 müň metrden gowrak düýbünde deňiz slizenleri seýrek duş gelýän bolsa, Ýaponiýanyň kenarýakasyndaky çuňňullarda şol bir çuňlukda olaryň giň ýaýrandygyny belleýär.

Şeýle hem, ekspedisiýa wagtynda alymlar Pseudoliparis belyaevi görnüşiniň iki sanysyny Ýapon çuňňulynyň 8022 m düýbünden çykaryp almagy başardylar. Metbugat beýanynda bellenip geçilişi ýaly, alymlar ilkinji gezek 8 müň metrden gowrak çuňlukda balyk tutmagy başardylar we deňiz slizenleriniň bu görnüşi ozal iň aňrybaş 7703 m çuňlukdan (2008-nji ýylda) tapyldy.


şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

11.05.2026 23:19
4.2k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....