Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-niň wekiliýetleriniň syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • 30.03.2023 23:57
  • 8.5k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Bahtiýor Saidowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň gatnaşmagynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şol sanda öň ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bir hatarda syýasy gatnaşyklaryň giňeldilmegi we olary amaly taýdan baýlaşdyrylmagy bilen bagly meselelere garaldy.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça pikir alyşmak, garaýyşlary ylalaşmak hem-de özara gyzyklandyrma bildirýän derwaýys halkara we sebitleýin meseleler boýunça syýasy geňeşmeleri ýygy-ýygydan geçirmek ugrunda çykyş etdiler.  
Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň köp sanly halkara we sebitleýin meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da meňzeşdigi barada pikirdeş boldular.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere seredilende, soňky ýyllarda haryt dolanyşygynyň barha artdyrylandygy barada kanagatlanma bilen aýdyldy.
Ýurtlaryň sebitleriniň arasynda göni söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň hem-de özara çäreleriň we duşuşyklaryň sebit derejesinde dowam etdirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Şol bir wagtyň özünde serhede ýakyn söwda mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagynyň ýerlikliligi beýan edildi.
Gepleşikleriň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geljekde dürli derejelerde geçiriljek bilelikdäki çäreleriň we duşuşyklaryň senelerine seretdiler. 


düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......