Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Raýat goranyşy fakulteti açylar

  • 29.03.2023 23:59
  • 23k+

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bellenen işgär sanynyň çäginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda raýat goranyşy fakulteti, gurluşyk işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynyň howpsuzlygy kafedralary açylar. Goranmak ministrligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýokarda ady agzalan fakultetiň Düzgünnamasyny taýýarlar we bellenen tertipde tassyklar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetine okuwa 2023-2024-nji okuw ýylyndan kabul edilip başlanar.
Bilim ministrligi we Goranmak ministrligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berer.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......