Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 29.03.2023 23:39
  • 10k+

Şu gün, 29-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijiniň Aşgabada şu saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri, sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti nygtaldy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň halkara giňişliginde netijeli gatnaşyk edýändigi bellenildi.
Köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygy babatda söwda-ykdysady ulgama möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşi, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda, şeýle hem beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.


düýn 16:30
531

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
696

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......