Serdar Berdimuhamedow Ysraýylyň Aşgabatdaky täze ilçisini kabul etdi

  • 28.03.2023 23:23
  • 7.3k+

Şu gün, 28-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen esasy ugurlaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli giň meseleler boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady ulgam netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatlaşmalary we duşuşyklary geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Oba hojalyk ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ysraýylyň oba hojalygynda gazanan tejribeleri bilen ýakyndan tanyşmaga, suw serişdelerini tygşytly ulanmak we süýjetmek boýunça täze,  ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......