Argentinanyň Türkmenistanda täze ilçisi işläp başlady

  • 24.03.2023 11:45
  • 4.5k+

23-nji martda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýn Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzyň daşary syýasaty hem-de möhüm halkara başlangyçlary bilen içgin tanyşdyryldy.
Uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-argentin hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça düýpli pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar ençeme ugurlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösmegini üpjün edýän özara gyzyklanmalaryň bardygyny tassykladylar. 
Duşuşygyň ahyrynda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň milli bähbitlerini nazara almak arkaly guralýan köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......