Ärdogan prezidentlige dalaşgär hökmünde hasaba alyş üçin resmi taýdan arza tabşyrdy

  • 24.03.2023 05:31
  • 16k+

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 14-nji maýda geçiriljek saýlawlarda prezidentlige dalaşgär hökmünde hasaba alynmak üçin Ýokary Saýlaw geňeşine (Merkezi Saýlaw komiteti) resmi taýdan arza tabşyrdy. Ýerli teleýaýlymlaryň habar bermegine görä, Ärdoganyň Adalat we Ösüş partiýasynyň wekilleri onuň hasaba alynmagy üçin resminamalary tabşyrar ýaly MSK-a geldiler. Muny TASS ýetirýär.

Häzirki wagtda iň ýokary döwlet wezipesine 18 syýasatçy dalaş etmegi meýilleşdirýär. Ärdoganyň esasy bäsdeşiniň hem esasy oppozision Halk-respublikan partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdaroglunyň bolmagyna garaşylýar.
Adalat we Ösüş partiýasy bilen bilelikde MSK-a häkimiýet partiýasy bilen bilelikde hyzmatdaşlykda bolan Milli hereket partiýasynyň wekilleri hem geldi. Olar partiýalaryň Ärdogany ýeke-täk dalaşgär hökmünde hödürlemek kararyna gelendiklerini we kanunyň talap edişi ýaly MSK-a zerur resminamalary tabşyrandyklaryny aýtdylar.
Türkiýede prezident saýlawlary 14-nji maýda parlament saýlawlary bilen bilelikde geçiriler. Birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin döwlet baştutany wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň sesleriniň 50%-den gowragyny almaly. Ýogsam, ikinji tapgyr geçirilip, oňa birinjide has köp goldaw alan iki dalaşgär gatnaşar. Öňki prezident saýlawlary 2018-nji ýylyň 24-nji iýunynda geçirildi. Olarda Ärdogan 52,6% ses alyp,  ýeňiş gazandy.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......