Türkiýede prezident we parlament saýlawlary boýunça saýlaw möwsümi başlady

  • 19.03.2023 12:00
  • 13k+

Düýn, 18-nji martda Türkiýede prezident we parlament saýlawlary boýunça saýlaw möwsümi başlady. Ol 13-nji maýa, ýagny "dymyşlyk güni" yglan edilýänçä dowam eder. Ses berişligiň özi 14-nji maýda geçiriler, zerur bolsa prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 28-nji maýda geçiriler.

"Saýlaw senenamasy" şu hepde Türkiýäniň Ýokary saýlaw geňeşi tarapyndan tassyklandy. Merkezi saýlaw toparynyň kararyna görä, prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek 19-njy martda başlar we 23-nji martda tamamlanar, dalaşgärleriň sanawy 31-nji martda hökümetiň metbugat çaparynda çap ediler, şondan soň olar saýlawdan öňki kampaniýalara başlap bilerler diýip, şenbe güni TRT  teleýaýlymy habar berdi.
Saýlawlara gatnaşjak syýasy partiýalar ýa-da kärdeşler arkalaşyklary 24-nji martda günüň ahyryna çenli dalaşgärleriniň sanawyny MST-na tabşyrmaly.
Türkiýäniň häzirki prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan saýlaw geçirmek barada permana 10-njy martda gol çekdi. Ilkibaşda saýlawlar 18-nji iýuna meýilleşdirilipdi.


düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

08.06.2026 15:17
4k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......