Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Beýik Britaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

  • 18.03.2023 12:47
  • 9.7k+

17-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Lusia Waýldy kabul etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-britan hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň işine ähmiýetli orun berilýändigi bellenildi.
Türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde ylym, bilim ulgamlaryndaky hem-de saglygy goraýyş, lukmançylyk, daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky özara hereketler beýan edildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......