Serdar Berdimuhamedow ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi

  • 18.03.2023 12:19
  • 17k+

Şu gün, 18-nji martda Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu özboluşly ekologik çäre Aşgabadyň ilersinde, dag etegindäki ajaýyp künjekde geçirildi diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, ýazky bag ekmek möwsümine ak pata berdi
Şu gün köpçülikleýin bag ekmek dabarasy Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň çäginde hem ýaýbaňlandyryldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl dürli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi şu gezekki ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......