Gurbanguly Berdimuhamedow Ankarada Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

  • 16.03.2023 23:58
  • 21k+

16-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary Sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde giň ugurlar boýunça netijeli ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň birnäçe wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara derejeli işewür toparlarynyň biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny şertlendirýändigini belledi.
Şunuň bilen birlikde, energetika pudagy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde tassyklandy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ýakynda bu toparyň nobatdaky 7-nji mejlisini geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti diniň, diliň, taryhy kökleriň umumylygynyň iki halkyň ruhy taýdan ýakynlaşmagynyň möhüm şertidigini belläp, bu ýörelgeleriň “Iki döwlet – bir millet” diýen jümlede öz beýanyny tapýandygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy 14-nji maýda Türkiýe Prezidentiniň nobatdaky saýlawlarynyň geçiriljekdigini belledi. Dünýä jemgyýetçiligindäki uly abraýyny we toplan baý syýasy tejribesini, türk halkynyň we tutuş türki dünýäsi tarapyndan bildirilýän ýokary hormaty nazara alyp, bu jemgyýetçilik syýasy çärede Türkiýäniň döwlet Baştutanyna üstünlik arzuw etdi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......