Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýede Türki döwletleriň guramasynyň nobatdan daşary Sammitine gatnaşdy

  • 16.03.2023 23:35
  • 24k+

Şu gün, 16-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy.

Sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we netijelerini aradan aýyrmakda tagallalary utgaşdyrmak, täze wehimlere garşy durmagyň çärelerini işläp taýýarlamak ulgamlarynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler, şeýle hem sebit we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary girizildi.
Sammitiň barşynda  ýertitreme zerarly Türkiýe Respublikasyna  berlen ynsanperwerlik kömegine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.  Şunuň bilen baglylykda, şu çylşyrymly döwürde TDG-ä agza we synçy  ýurtlaryň doganlyk raýdaşlygyny görkezip, türk halkyna hemmetaraplaýyn ýardam berendigini bellemek gerek.
TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisiniň  netijeleri boýunça  Jemleýji Jarnama kabul edildi.
Türki geňeşi 2009-njy ýylda döredildi. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň 2021-nji ýylyň noýabrynda Stambulda geçirilen VIII Sammitinde ol Türki döwletleriň guramasy diýlip atlandyryldy. Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Özbegistan Respublikasy onuň agzalary bolup durýar. Ýurtlaryň birnäçesi TDG-de synçy derejesine eýedir. 2021-nji ýylda bu dereje Türkmenistana hem berildi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......