Türkmenistan Keniýa bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

  • 15.03.2023 12:20
  • 8.4k+

Türkmenistan Keniýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýayndaky Hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

14-nji martda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Keniýa Respublikasynyň BMG-däki wekili Martin Kimani diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekdi.
Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ygrarlylygyny mälim etdiler.
Halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, hemişelik wekiller Türkmenistan üçin bolşy ýaly, Keniýa üçin hem gyzyklanma döredýän BMG-niň Gün tertibiniň meselelerini maslahatlaşdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......