Ýeriň 36 müň km beýiklikden düşürilen dury suraty görkezildi

  • 14.03.2023 11:38
  • 46k+

Russiýanyň täze  «Elektro-L No. 4» meteohemrasy Ýuwaş ummanynyň üstünden  gündogar uzaklygyň  165,8 °-da  takmynan 36 müň km belentlikden Ýeriň täsin suratlaryny aldy. Enjam jemi iki sany  - görünýän we infragyzyl diapazondaky suraty aldy.

“Elektro-L” seriýaly hemralaryň esasy aýratynlyklaryndan biri — ýygylygy 15 minuda çenli ýokary hilli hemra suratlaryny alyp bilmeklik ukybydyr. Munuň netijesinde hünärmenler howanyň gözegçiliginiň global meselelerini has netijeli çözüp, deňizleriň we ummanlaryň ýagdaýyny seljerip bilerler hem-de has netijeli, ýokary hilli howa çaklamalaryny alarlar.
”Elektro-L No. 4"  hemrasy Baýkonurdan kosmosa uçuryldy. 9-njy martda enjam orbita girdi we bir gün soň uçarmansyz hemra Ýeriň ilkinji suratlaryny aldy. Jemi iki sany surat alyndy: görünýän we infragyzyl diapazonda. Ýokardaky suratda - görünýän görnüşde.
Munuň öňüsyrasynda Awstraliýadaky Sidneý uniwersitetiniň alymlary Ýeriň soňky 100 million ýylda nähili üýtgändigini görkezdiler. Hünärmenler bu döwürde Ýeriň geologiki üýtgemeleriniň jikme-jik modelini görkezdiler, bu ýerde derýalaryň, tektoniki plitalaryň hereketini, Bütindünýä ummanynyň derejesindäki üýtgeşmeleri we mineral çökündileri görüp bilersiňiz.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 19:54
1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......