Gurbanguly Berdimuhamedow Si Szinpini HHR-iň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

  • 11.03.2023 13:03
  • 4.3k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.

«Bu ýokary wezipä gaýtadan saýlanmagyňyz Siziň döwlet dolandyryşy babatda öňe sürýän konsepsiýalaryňyzyň we pikirleriňiziň halk tarapyndan doly goldanylýandygynyň, durmuşa geçirýän netijeli içeri we daşary syýasatyňyzyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Biz Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýäris» diýlip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygynyň parasatly baştutanlygynda ýurduň öz ösüşinde täze belentliklere ýetjekdigine, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.
14-nji çagyryşyň halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň birinji sessiýasynyň wekilleri anna güni Si Szinpiniň HHR-iň başlygy wezipesine üçünji bäş ýyllyk möhlet bilen gaýtadan saýlanmagyna biragyzdan ses berdiler.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......