«Türkmenhowaýollary» Aşgabatdan Delä gatnawlaryny dikelder

  • 08.03.2023 23:38
  • 18k+

«Türkmenhowaýollary» 2023-nji ýylyň 26-njy martyndan başlap, Aşgabat - Deli - Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlaryny dikelder. Bu ugurlar boýunça biletler «Türkmenistanť» awiakompaniýasynyň Russiýadaky Baş agentliginiň resmi saýtynda satuwa çykdy.

Aşgabatdan Delä (DEL) çenli biletiň bahasy Türkmenistanyň raýatlary üçin 31,437 rubl bolar.
T5537 belgili gatnaw Hindistanyň paýtagtyna hepdede bir gezek — her ýekşenbe güni uçar. Aşgabatdan uçuş — 05:15-de ýerine ýetirilip, uçar Indira Gandi adyndaky Halkara howa menziline 09:05-de gonar.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......