Türkmenistan Owganystanyň goňşy döwletleriniň ýörite wekilleriniň birinji mejlisine gatnaşýar

  • 07.03.2023 11:58
  • 20k+

Şu gün, 7-nji martda Daşkentde Owganystanyň goňşy döwletleriniň ýörite wekilleriniň birinji mejlisi öz işine başlady. Mejlisi Özbegistanyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Ismatulla Irgaşew açdy diýip, «Dunýo» agentligi habar berýär.

Mejlisiň işine Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri gatnaşýar.
Mejlise gatnaşyjylar Owganystandaky häzirki ýagdaýy, şol sanda ynsanperwer ugurlary maslahatlaşarlar, ýurtda ýagdaýlary kadalaşdyrmak, uzakmöhletleýin parahatçylygy ýola goýmak boýunça taraplaryň özara gatnaşyklarynyň meselelerine degip geçerler.
Duşuşygyň çäklerinde Owganystanyň goňşy döwletleriniň ýörite wekilleriniň ikinji duşuşygynyň geçiriljek ýeri kesgitleniler.
Şeýle hem, taraplar Daşkentde Owganystana goňşy döwletleriň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň 4-nji duşuşygynyň geçiriljek möhletlerini maslahatlaşarlar.


düýn 00:06
11k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

17.04.2026 23:49
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......

17.04.2026 16:36
11k+

«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyry başlandy. Şu gün irden geçirilen dabaraly çäre barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär....

17.04.2026 16:26
6k+

«Türkmengaz» döwlet konserni we CNPC täze gaz desgalarynyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekdi

16-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär....