Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde birinji orna dolandy

  • 01.03.2023 11:37
  • 21k+

Tesla we SpaceX kompaniýalaryna ýolbaşçylyk edýän we Twitter kompaniýasyna eýeçilik edýän amerikaly telekeçi Ilon Mask Bloomberg agentliginiň wersiýasyna görä dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde birinji orna gaýdyp geldi. Bu barada TASS habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygy 187,1 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Mask baýlygy 185,3 mlrd dollar bolan LVMH kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arnodan öňe geçip dünýäniň iň baý adamy diýen ady gaýtaryp aldy.
Bloomberg-iň habar bermegine görä, Maskyň aktiwleri Tesla kompaniýasynyň paýnamalary üçin bahalaryň tas 70% ýokarlanmagy netijesinde artdy. Bahalary arzanladylandan soň kompaniýanyň elektromobillerine bolan islegiň ýokarlanmagy hem milliarderiň baýlygynyň artmagyna getirdi.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......