Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

  • 26.02.2023 12:38
  • 36k+

25-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda — Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň, awtomenziliň we awtotoplumyň desgalarynyň, demir ýol menziliniň şekil taslamalary, demir ýol menziline barýan ýollaryň ýerleşiş çyzgylary bar.
Şekil taslamalaryndan görnüşi ýaly, binalaryň we desgalaryň sanawynda awtomenziliň we demir ýol menziliniň binalaryndan başga-da, ýeňil awtoulaglaryň bassyrmasy, edara binasy, elektrobuslar üçin bassyrma, seýsmiki hyzmat ediş binasy, awtoussahana, elektrozarýad beriji beket gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän pyýadalar üçin niýetlenen geçelge, demir ýol menziliniň ýanynda awtoduralga, bassyrma, beton perron bina etmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde geçiriljek açylyş dabarasynyň münberiniň şekil taslamasy we onuň ýerleşiş çyzgysy görkezildi. Şeýle hem Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 100 hem-de 150 orunlyk çagalar bagynyň taslamalary bilen tanyşdyryldy.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän ýol yşyklarynyň sütünleriniň görnüşleri, olaryň şekil taslamalary barada maglumat berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......