Türkmenistanyň BSG-e goşulmagy bilen bagly DIM-de maslahat geçiridli

  • 19.02.2023 11:22
  • 6.3k+

17-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar Hökümet toparynyň 2022-nji ýyldaky işleriniň jemlerine hem-de 2023-nji ýylyň möhüm başlangyçlaryna garadylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-da synçy derejesine eýe boldy, 2022-nji ýylyň fewralynda BSG-niň Ženewada geçirilen Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyz BSG-niň doly agzasy bolmak üçin ýüz tutdy. Netijede, Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşýan döwlet («işjeň synçy») derejesini bermek kararyna gelindi.
Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy üçin taýýarlyk çärelerini tamamlamak boýunça uly göwrümli wezipeleri ýerine ýetirmegiň meýilleşdirilendigi nygtaldy. Çärä gatnaşyjylar BSG-ä girmegiň şertleriniň biri Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamany taýýarlamak üçin möhüm başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, ýurduň ministrlikleriniň birinde agentlik ýa-da ýörite düzüm birligini döretmek meselesine garamak teklip edildi, bu bolsa biziň ýurdumyzyň BSG-ä girmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleri utgaşdyrar.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......