Türkmenistan BSG boýunça ýörite wekilini bellemek meselelerini öwrenýär

  • 19.02.2023 00:31
  • 6.5k+

Geljek aýda Türkmenistanyň wekiliýetini Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ženewa (Şweýsariýa Konfederasiýasy) şäherine gulluk iş saparyna ibermek teklip edilýär. Ženewada bu guramanyň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek maksady bilen birnäçe teklipler, şol sanda BSG bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk üçin Iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak, bu gurama doly hukukly agza hökmünde goşulmak boýunça görülýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Şeýle hem degişli düzüm birligini açmak, BSG boýunça Türkmenistanyň ýörite wekilini bellemek meselelerini öwrenmek, teklip edildi.
Türkmenistana BSG-e goşulyşýan döwlet, ýagny «işjeň synçy» derejesiniň berilmegi bu guramanyň çäklerinde işi işjeňleşdirmäge hem-de geljekde onuň doly hukukly agzasy bolmaga mümkinçilik berýär.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......