Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

  • 18.02.2023 09:28
  • 17k+

17-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýalar, logistika ulgamlarynda, obasenagat toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw hojalygy, ekologiýa ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi.
Däp bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara hem uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Bu ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze, döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak barada birnäçe resminamalara gol çekendigini belledi. Şeýlelikde, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Russiýanyň ýurdumyz bilen dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady, söwda, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......