Magtymguly adyndaky TDU-da talyplary «QR-Face» ulgamy arkaly hasaba almak ýola goýulýar

  • 13.02.2023 14:48
  • 25k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «QR code» hem-de şol bir wagtda kamera arkaly ýüz tanamagyň netijesinde giriş-çykyş wagtlarynyň elektron hasabatyny bellige almak boýunça «QR-Face elektron hasabat» ulgamy ulanylyp başlandy. Bu barada uniwersitetiň saýtynda habar berilýär.

«QR-Face elektron hasabat» programmasy islendik ulgamda, ýagny okuwçylaryň we talyplaryň, şeýle-de dürli pudaklaýyn edaralarda zähmet çekýän işgärleriň giriş-çykyş wagtlarynyň elektron hasabatyny bellige almak üçin ulanylýar.
Bu programmany Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyplary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary bilen bilelikde işläp taýýarladylar.

Bu programmanyň şular ýaly mümkinçilikleri bar:

  • QR code hem-de ýüzden tanamak arkaly hasaba almak;
  • Hasaba alnan işgäriň giriş-çykyş wagtyny bellemek;
  • Edaranyň ýolbaşçylaryna ähli işgärler barada elektron maglumat bermek;
  • Her günki hasabat boýunça gelen we gelmedikleri aýratynlykda görmek;
  • Umumy hasabaty ýöretmek (islendik wagta çenli arhiwde saklamak).

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......