Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini Türkmenistana gelmäge çagyrdy

  • 11.02.2023 23:36
  • 17k+

Şu gün, 11-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşyk «Al Şatiýe» köşgünde geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýana aýalynyň ejesi Şeýha Marýam bin Abdullah bin Sulaýem Al Falasiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi. 
Duşuşygyň dowamynda iki ýurdyň arasynda energetika, ulag we kommunikasiýa, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämi gurluşyk, ýokary tehnologiýaly ýaly ugurlarda, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde BAE-niň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary bu hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine goşmaça itergi berdi.  
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......