Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabidäki «Şeýh Zaýed» metjidine baryp gördi

  • 11.02.2023 23:23
  • 23k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň barşynda 11-nji fewralda Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän «Şeýh Zaýed» metjidine baryp gördi.

BAE-niň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýän bu metjit dünýäniň iň uly alty metjidiniň biri hasaplanýar.
Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli garşylady. Merhum Prezident Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň metjitdäki aramgähinde Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.
Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. 2007-nji ýylda resmi taýdan açylan «Şeýh Zaýed» metjidine beýleki dinleriň wekillerine hem girmäge rugsat berilýändigi onuň tapawutly aýratynlygydyr. Umumy meýdany 22 müň inedördül metre deň bolan metjidiň dört burçunda beýikligi 107 metre ýetýän dört sany minara bar. Esasy binanyň daşky hatary gümmezleriň 82-si bilen örtülendir. Metjit  bir wagtyň özünde jemi 40 müň adamy kabul edip bilýär. Metjidiň içki howlusyna 17 müň 400 inedördül metr dürli reňkli mermer daşy  düşelipdir.
Ýeri gelende bellesek, metjidi bezeýän dünýäniň iň uly elde dokalan halysynyň meýdany 5627 inedördül metr, agramy 47 tonna  bolup, onuň 35 tonnasy ýüň ýüplük we 12 tonnasy nah ýüplükdir. Halyny dokamak üçin 1200-e golaý halyçy zähmet çekipdir.
Şeýle hem yslam binagärliginiň aýratynlyklaryny özünde jemleýän 7 sany ajaýyp lýustralar «Şeýh Zaýed» metjidini bezeýär. Metjidiň umumy bezegi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän bu lýustralar metjidiň açylan pursatyndan, ýagny 2007-nji ýylyň 20-nji dekabryndan bäri giň köpçüligiň ünsüni çekip gelýär. Lýustralaryň iň ulusynyň diametri 10 metr, beýikligi 15,5 metr bolup, agramy 12 tonna golaýdyr. Gurluşygy 12 ýyllap dowam eden bu metjit ýurduň ýaşaýjylarynyň we dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri hasaplanýar.
Metjit bilen tanyşlygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow «Şeýh Zaýed» metjidine mukaddes Gurhan kitabyny, namazlygy sowgat berdi.
Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýäniň täsin metjitleriniň şekilleri hem-de maglumatlary ýerleşdirilen ajaýyp kitap sowgat berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sowgat berlen bu kitaby Ahal welaýatynyň ýaňy-ýakynda düýbi tutulan Baş metjidinde goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, ony Türkmenistanyň Müftüsine gowşurdy.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......