Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar bilen bardy

  • 11.02.2023 22:57
  • 14k+

11-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy.

Abu-Dabi şäheriniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy BAE-niň Adalat ministri Abdullah bin Sultan bin Awad Al Nuaimi, BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Alhameli, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Adalat ministri Abdullah bin Sultan bin Awad Al Nuaimi bilen söhbetdeş boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapar wagty kabulhanasy kaşaň «Emirates Palace» myhmanhanasynda ýerleşdi.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......