Türkmenistany 2023-nji ýylda ösdürmegiň maksatnamasynda nämeler göz öňünde tutulýar?

  • 10.02.2023 21:11
  • 19k+

2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müň-e golaý täze iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şu gün, 10-njy fewralda Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna gol çekdi.
Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek göz öňünde tutulýar. Jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny goşmazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar.


şu gün 11:05
1.9k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.6k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......