Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

  • 08.02.2023 01:35
  • 36k+

7-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. 
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer A.Ýazmyradow häzirki wagtda Mary welaýatynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň çäginden geçýän derýalarda kadaly suw akymyny üpjün etmek hem-de olaryň kenarlaryny berkitmek, suw akabalaryny we ýaplary arassalamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Soňra wise-premýer Ç.Purçekow Mary welaýatynda senagat desgalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de elektrik energiýasynyň üpjünçiligi we ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.  
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy  barada hasabat berdi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň çäginden geçýän derýalaryň kenarlaryny berkitmek boýunça alnyp barylýan gidrotehniki çäreler barada hem hasabat berildi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......