Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderine gutlag iberdiler

  • 07.02.2023 18:17
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Şu ýyllaryň dowamynda taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklarymyz hyzmatdaşlygyň barha täze ugurlaryny gurşap alyp, yzygiderli ösdürildi. Häzirki günde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mazmunynyň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we geljegine, şeýle-de ählumumy ösüşiň meýillerine bolan garaýyşlarda doly özara düşünişmek bilen şertlendirilendigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin» — diýip, Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
«Biz ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen netijeli hem-de baý mazmunly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde Siziň ägirt uly şahsy goşandyňyzy we hemişe üns berýändigiňizi bellemek gerek. Bilelikdäki tagallalar arkaly ähli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýlip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatynda bellenilýär.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......