Ahalteke atçylyk sungatyny ÝUNESKO girizmäge hödürlemek meýilleşdirilýär

  • 07.02.2023 08:41
  • 7.9k+

2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama hödürlendi. Bu barada 6-njy fewralda Daşary işler ministriliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisinde habar berildi. Mejlise Türkmenistanyň wise-premýerleri, ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda şeýle hem bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň, ýagny, «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» ýaly hödürnamalar girizildi.
Şu ýyl Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Tähranda ýerleşýän sebitleýin edarasy bilen bilelikde Halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi.
Mejlisde şeýle-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň 2023-nji ýyl üçin Hereketleriniň meýilnamasyna seredildi hem-de tassyklanyldy.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......