Tesla Model S sowukda iň uzak ýol geçýän ulag bolup çykdy

  • 06.02.2023 15:32
  • 15k+

Täzelenen Tesla Model S-iň batareýalary aýaza gowy çydaýar we sowuk howada iň uzak aralygy geçip bilýär. Norwegiýanyň Motor.no neşiriniň hünärmenleri 29 sany elektrik ulagyny uly göwrümli ýol synagyndan geçirenlerinden soň şeýle netijä geldiler. Žurnalistler şeýle synaglary yzygiderli geçirýärler we bu gezek Model S Norwegiýada gyşky synaglarda iň oňat rekord goýdy.

Synaglaryň çäginde elektrik awtoulaglar Oslo bilen Hýorkinn şäheriniň arasyndaky jemgyýetçilik ýollarynda adaty tertipde hereket edýär, bu aralyk 365 kilometre barabardyr. Bu ýyl howanyň temperaturasy ortaça - 5-den -10-a derejä çenli, emma käbir daglyk ýerlerde -19 derejä ýetdi.
Tesla Model S hemmeden uzaga gitmegi başardy: noldan aşak temperatura onuň häsiýetnamasyndaky görkezijini bary-ýogy 16,4%, 634-den 530 kilometre çenli kemeltdi. Neşir gyş synagynda şu wagta çenli başga hiç bir elektrokaryň bir zarýad bilen şeýle uzaga gitmändigini tassyklaýar. Öňki rekord Tesla Model 3-e degişlidi we ol 521 kilometr bolupdy.
Hytaýyň Maxus Euniq6 batareýalary aýazda iň çydamly bolup çykdy, pasportdaky bilen hakykatdaky ätiýaçlyk gorunyň arasyndaky tapawut bary-ýogy 10,45% boldy. Şeýle-de bolsa, bary-ýogy 317 kilometri geçmegi başardy.
Norwegiýalylar tarapyndan synag edilen iň meşhur elektrik awtoulaglarynyň arasynda, mysal üçin, Mersedes-Benz EQE (pasport boýunça 614 kilometr we aslynda 409 kilometr) we BMW i7 (595 we 424 kilometr), Voyah Free (501 we 391 kilometr) we Hongqi E-HS9 (465 we 303 kilometr), şeýle hem JAC e-JS4 bar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......