Türkmenistan Özbegistana degişli möçberde muzdsuz suwuklandyrylan gaz berer

  • 05.02.2023 22:20
  • 24k+

«Türkmengaz» döwlet konserni dost-doganlyk kömegi hökmünde Özbegistan Respublikasyna degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy muzdsuz berer. Bu barada degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de Özbegistana dost-doganlyk goldawyny bermek maksady bilen kabul edildi.
Belläp geçsek, dekabr-ýanwar aýlarynda howanyň aşa sowuk bolmagy netijesinde Özbegistanda gazyň hem-de elektrik energiýasynyň sarp edilişi birden artdy. Ýurduň şäherleriniň hem-de ilatly nokatlarynyň ählisinde diýen ýaly ýyladyş we elektrik energiýasynyň üpjünçilik ulgamlarynda meseleler ýüze çykdy.


düýn 16:30
503

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
696

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......