Xiaomi-niň elektrokarynyň ilkinji suratlary peýda boldy

  • 31.01.2023 23:15
  • 10k+

Sanly gajetleri bilen tanalýan Hytaýyň Xiaomi korporasiýasynyň ilkinji elektrokary süýnmek dizaýnly ykjam sedan bolar. Muňa geljekki täze ulagyň CarNewsChina tarapyndan neşir edilen suratlary hem şaýatlyk edýär. Suratlaryň çeşmesi takyk aýdylmaýar, ýöne käbir jikme-jikliklerden çen tutsa, olar Hytaýyň sosial torlaryna ýaýradylan resmi tanyşdyrylyş suratlary bolmaly.

Surata düşürilen elektrokarda dinamiki gabara, haýbatly öň bamper, üýtgeşik dizaýnly baş optika we çaklaňja ýükdan bar. Yzky konturyň Aston Martin superkarlarynyň arka tarapy bilen baglanyşygy bar.
Elektrokar merkezde Xiaomi-niň nyşany we açyk sary tormoz saklaýjylary (Brembo bolmagy mümkin), özüne çekiji tekerler bilen enjamlaşdyryldy. Onsoňam, öň aýnasynyň we üçeginiň sepgidinde ösen özbaşdak dolandyryş ulgamynyň bardygyny görkezýän lidaryň “akymy” aýdyň görünýär.
Tehniki aýratynlyklary entek yglan edilmedi. Täze ulagyň diňe CATL we BYD-den batareýalaryny aljakdygy we Xiaomi-niň özi sedan üçin elektromotorlary öndürjekdigi mälimdir. Ilkinji elektromobiliň önümçiligi 2024-nji ýylyň başynda başlanar.


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......