Wýaçeslaw Wolodin «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýdy

  • 30.01.2023 16:43
  • 9.4k+

Aşgabada resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin hem-de wekiliýetiň agzalary «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýdular.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy «Baky şöhrat», «Ruhy tagzym» hem-de «Milletiň ogullary» binagärlik kompozisiýalaryndan ybarat.
«Baky şöhrat» ýadygärligi Beýik Watançylyk urşunyň pidalaryna, «Ruhy tagzym» 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryna, «Milletiň ogullary» ýadygärligi bolsa Gökdepe galasynyň pidalaryna bagyşlanýar.
Belläp geçsek, Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 11 ýyldan bäri ilkinji gezek Aşgabada resmi sapar bilen geldi. Şu gün Döwlet Dumanyň Başlygynyň Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşyklary geçirildi.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......