Serdar Berdimuhamedow RF-niň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi

  • 30.01.2023 14:03
  • 12k+

Şu gün Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Russiýa bilen Türkmenistanyň parlamentleriniň hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdylar diýip, Döwlet Dumasynyň saýty habar berýär.

«Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar ösýär. Muňa köp babatda döwletlerimiziň Baştutanlary itergi berýär. Hut şonuň üçin hem ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň derejesinde kabul edilen çözgütleriň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek, kararlaryň öz derejesinde kabul edilmegi, ýurtlarymyzyň bähbidine meseleleriň maslahatlaşylmagy üçin parlament ölçegleriniň çäginde mümkin bolan ähli zatlary etmegimizi wajypdyr» - diýip Wolodin belledi.

Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky Döwlet Dumasynyň wekiliýeti türkmen paýtagtyna düýn geldi. Bu sapar Dumanyň wekiliýeti üçin soňky 11 ýylda Türkmenistana ilkinji sapardyr.


şu gün 11:41
780

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
749

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......