Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Aşgabada geldi

  • 29.01.2023 23:59
  • 27k+

RF-niň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Bu barada RF-niň Döwlet Dumasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Wekiliýetiň resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň parlamentinde duşuşyklar meýilleşdirilýär. Russiýanyň we Türkmenistanyň parlamentarileri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň täze formatlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Ýurdumyza gelen wekiliýet agzalary eýýäm şu gün Türkmenistandaky Mejlisindäki kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler.
Wekiliýetiň düzümine — Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary Şolban Kara-ool, GDA, ýewraziýa utgaşmasy we watandaşlar bilen aragatnaşyk işleri boýunça Komitetiň Başlygy Leonid Kalaşnikow, Sebit syýasaty we ýerli öz-özüňi dolandyryş boýunça Komitetiň Başlygy Alekseý Didenko, Ylym we ýokary bilen boýunça Komitetiň Başlygynyň birinji orunbasary Aleksandr Mažuga we Halkara işleri boýunça Komitetiň Başlygynyň orunbasary Irina Rodnina.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....