Wýaçeslaw Wolodin Gülşat Mämmedowany Moskwa gelip görmäge çagyrdy

  • 30.01.2023 14:22
  • 27k+

RF-niň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň parlamentara hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy.

«Parlament ölçegleri barada gürrüň edenimizde, esasy zat, dialogyň bolmagydyr» diýip, Wýaçeslaw Wolodin belledi. Uzak wagtlyk arakesmeden soň, hyzmatdaşlygyň täze formatlaryna çykmak möhümdir diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
«Siziň saparyňyz parlament gatnaşyklarynyň möhüm häsiýetini nygtaýar. Wladimir Putiniň hem-de Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary mynasybetli Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy strategiki hyzmatdaşlar bolup durýar» — Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy belledi.

Duşuşyk wagtynda Wýaçeslaw Wolodin Gülşat Mämmedowany Moskwa sapar bilen çagyrdy.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......