Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň energetika ministri bilen duşuşyk geçirdi

  • 28.01.2023 17:06
  • 13k+

Penşenbe güni Yslamabatda türkmen ilçisi Atajan Möwlamow Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal energetika ministri Hurram Dastgir Han bilen Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň arasynda ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini  ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berildi.

Diplomat Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasynyň gurluşygy barada Pakistan tarapyna habar berdi. Bu taslamalaryň Pakistanyň energiýa howpsuzlygy üçin ähmiýetine ünsi çeken Federal ministr hökümetiniň bu bilelikdäki energiýa maksatnamalaryny doly goldaýandygyny we olaryň çalt durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Taraplar bu esasy bilelikdäki taslamalaryň — TOPH-nyň we TOP-nyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin yzygiderli ikitaraplaýyn duşuşyklary we saparlary geçirmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşykda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......