2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan awtoulaglar belli edildi

  • 26.01.2023 12:42
  • 36k+

«Motor1» neşiri we JATO Dynamics konsalting şereketi  dünýäniň iri ýurtlarynda awtoulag satuwynyň netijelerini seljerdi we 2022-nji ýylda iň meşhur awtoulaglaryň adyny aýtdy.

Hytaý, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2 göterim ösüş görkezip, hatda pandemiýadan öňki döwürdäkidenem gowy görkezijisi bilen dünýädäki iň iri awtoulag bazary hökmünde öňe çykdy. Iň meşhur ýerli model BYD Song Plus (459 müň nusga) boldy, ikinji we üçünji orny Nissan Sylphy (446 müň) we çaklanja elektrokar Wuling Mini EV (443 müň) eýelediler.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäde awtoulag söwdasy boýunça ikinji ýerde durýar, emma bu ýerde bazaryň pese gaçýandygy hasaba alyndy: geçen ýylky görkezijiler 2012-nji ýyldan bäri iň erbedi boldy. Bu ýerde diňe pikaplar öňdebaryjy üçlügi emele getirdi: Ford F-Series (654,000 awtoulag), Chevrolet Silverado (523,000) we Ram (468,000).
Dünýäde ilkinji gezek awtoulag satuwynda üçünji orny Hindistan eýeledi we Ýaponiýany öňdäkileriň üçlüginden çykardy. Bu ýerde Maruti Suzuki-niň iň meşhur modelleri - Wagon R (217 müň awtoulag), Baleno (186 müň) we Swift (176 müň nusga).
Ýewropa barada aýdylanda bolsa, seljerijiler bu ýerde bazaryň pese gaçandygyny bellediler. Umumy bazaryň 75%-ini emele getirýän Germaniýa, Fransiýa, Angliýa, Ispaniýa we Italiýanyň bilelikdäki netijeleri 2019-njy ýyldaky pandemiýa derejesinden üç esse dagy ýaramaz boldy. Germaniýada iň meşhur awtoulag - VW Golf, Fransiýada Peugeot 208 birinji ýere çykdy, iňlisler Nissan Qashqai-y gowy gördüler, Italiýada Fiat Panda öňe saýlandy, Ispaniýada bolsa Hyundai Tucson meşhur boldy.


düýn 19:03
3.8k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

düýn 14:32
1.9k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

02.06.2026 12:41
3.1k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

29.05.2026 16:35
6.6k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......