Serdar Berdimuhamedow Hindistany Respublika güni bilen gutlady

  • 26.01.2023 09:04
  • 6.3k+

Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministr Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halkymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belleýär.

Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Draupadi Murmuwa we Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagt, abadançylyk, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......