Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasy makullanyldy

  • 14.01.2023 12:57
  • 14k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasyny makullady. Taslamany anna güni wise-premýer R.Meredow Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» we «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Kararlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan ähli zerur bolan işleriň guralmagy we durmuşa geçirilmegi babatdaky çäreler göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem iş meýilnamasynda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatdaky işler beýan edilýär.
Resminamada halkara ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Hususan-da, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysady we eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary, kompaniýalary, banklary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär. Şeýle hem iş meýilnamasynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......