Aşgabatda aprel-maý aýlarynda 3 sany Açyk halkara internet olimpiadalary geçiriler

  • 14.01.2023 08:31
  • 17k+

23-28-nji aprel aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda III Açyk halkara matematika olimpiadasyny ilkinji gezek Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde makroykdysadyýet, 16-njy maýynda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.
Bular barada wise-premýer N.Amannepesow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Bellenilişi ýaly, halkara olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň gatnaşmagyna garaşylýar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......