Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

  • 06.01.2023 18:07
  • 20k+

6-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary dostlukly ýurduň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde aýdylýar.

Dostlukly ýurduň abraýly okuw mekdeplerinde tehniki we ynsanperwer bilimleri üstünlikli özleşdirýän türkmen ýaşlary bilen geçirilen duşuşykda dürli hünärler boýunça dünýä derejesinde ýokary bilim almak meselesine üns çekilip, ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bilim almagy, ylym dünýäsine çuňňur aralaşmagy babatda döwlet derejesinde uly alada edilýändigi aýratyn nygtaldy.
Wekiliýet agzalary bu ýerde bilim alýan talyplara Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamyndan çykan «Ömrümiň manysy» atly kitaby gowşurdylar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......