Türkiýä wiza almak üçin sanawa täze resminama goşuldy

  • 03.01.2023 17:00
  • 66k+

Gateway International kompaniýasynyň wiza merkeziniň resmi saýtynda habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan Türkiýä gitmäge wiza almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary ozal zerur bolan resminamalaryň üstüne kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan goşmaça «Ylalaşyk hakynda jarnamany» görkezmeli bolarlar.

“03.01.2023-nji ýyldan Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Türk wiza merkezine wiza almak üçin ýüz tutjak Türkmenistanyň raýatlary kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan goşmaça “Ylalaşyk hakynda jarnamany” görkezmeli bolarlar. Siz wiza almak üçin hökmany bolup durýan “Ylalaşyk hakynda jarnama” bilen biziň web-saýtymyza girip tanşyp bilersiňiz.
Siz “Ylalaşyk hakynda jarnama” resminamasyny biziň wiza merkezlerimizde gol çekilen görnüşdäki arzaňyza goşmalysyňyz.
Siz ähli meseleler boýunça biziň bilen köp sorag berilýän bölümimiz we elektron salgy arkaly habarlaşyp bilersiňiz” diýlip, bildirişde aýdylýar.

Wiza almak üçin arza bermek baradaky goşmaça maglumatlary, şeýle hem şunuň bilen baglanyşykly meselelere jogaplary Türk wiza merkeziniň web-saýtyndan we YouTube kanalyndan tapyp bolar.
Saýt: www.gatewayinternational.com.tr
Elektron salgy: helpline.turkmenistan@gateway.com.tr
Telefon belgi: +99312400212

Türk wiza merkeziniň saýtyndaky maglumatlara görä, bir gezeklik syýahatçylyk wizasynyň bahasy 60 dollar. Köpgezeklik wizanyň bahasy — 190 dollar, bir gezeklik üstaşyr wizanyň bahasy — 60 dollar. Gateway International kompaniýasynyň wiza merkeziniň hyzmat tölegi — 85 dollar.


22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......